Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Flamingolar näme üçin gülgüne reňkli?

18-09-2023 / 43

«Flamingo» sözüniň özi hem ispan dilinden terjime edilende «alaw reňkli» diýen manyny berýär.

Özleriniň uzyn boýunlary we aýaklary bilen giňden tanalýan flamingo guşlary, esasan, deňizlerde, kenar ýakalarynda, köllerde duş gelýärler. Olar göçüp-gonup ýören guşlar däldirler. Emma howa şertleriniň ýa-da suwuň derejesiniň birden  üýtgemegi olaryň göçüp gitmegine sebäp bolup biler. Ýelekleriniň we derisiniň reňki doglan batlaryna ak ýa-da çal reňkde bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen olaryň gülgüne-mämişi reňke öwrülýändigi täsin ýagdaý bolsa gerek. Muňa olaryň gündeki iýýän deňiz önümleriniň düzüminde örän köp mukdarda duş gelýän beta kerotiniň, ýagny mämişi reňkli pigmentleriň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Aýgözel NAZAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com