Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Welosport — ruhubelentlik

17-09-2023 / 5088

Welosiped sporty ― saglygyňy berkitmekde, bedeni taplamakda oňyn ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz sportuň dünýäde iň giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan ulagyň bu ekologik görnüşine hem-de ilatyň ünsüni çekmäge gönükdirilen çäreleriň ähmiýetine uly baha berýär. Türkmenistanda welosportuň ähli görnüşleriniň ösmegi üçin örän amatly şertleriň bardygyny aýdyň görmek bolýar. Olimpiýa şäherçesiniň ýapyk Welotrek desgasy hem onuň üstüni ýetirýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän desgada halkara ýaryşlaryny we dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin mümkinçilikler bar. Welotrek desgasy 6 müň orunlyk bolup, onda tomaşaçylaryň bäsleşiklere amatly ýagdaýda syn etmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň welosporty ösdürmek üçin halkara derejesinde görkezýän işjeňligine kepil geçýär. Milletler Bileleşigine agza bolan 56 döwletiň bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bütin dünýäde welosiped sportunyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günleriň geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Nurberdi AMANOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com