Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ir ekseň harman bolar

17-09-2023 / 5074

Halkymyzda «Ir ekseň harman bolar…» diýlişi ýaly, Lebap welaýatynda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde biziň etrabymyzyň gallaçy kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan, giň goldawlaryndan ruhlanyp, gaýratly zähmet çekýärler.

Arkadagly Serdarymyz geçirýän iş maslahatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, welaýatlarymyzda iş saparlary bilen bolanynda daýhanlaryň hal-ýagdaýy, alyp barýan işleri bilen gyzyklanmagy kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz 31-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň golaýlap gelýändigini, derwaýys işleriň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Welaýatymyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna girişmäge ak pata berdi.

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer gallaçylary hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý ekişine badalga berlen gününden bu möhüm çäräniň depginini ýokarlandyrdylar. Şeýlelikde, ähli etraplaryň çäklerinde ene topraga bereket tohumyny öz wagtynda, talabalaýyk atmak ugrunda amala aşyrylýan işler oňat netijeleri berýär. Munuň özi geljek ýylyň bol galla hasylynyň düýbüniň ykjam tutulmagyna mümkinçilik döredýär.

Şu günler bereketli meýdanlarda ir ertirden tä giç agşama çenli zähmetsöýer adamlar, tehnikalar hereketde. Bir tarapda gyzgalaňly bugdaý ekişi alnyp barylýan bolsa, beýleki tarapda «ak altyny» ýygnamak işi depginli dowam etdirilýär. Biz hem gallaçy kärendeçilere, zähmetsöýer pagtaçylara kesplerinden kemal tapmagy arzuwlap, «Işiňiz ileri!» diýýäris.

Gadymy hem-de baý ekerançylyk medeniýeti bolan ýurdumyzyň oba hojalygynda hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ene ýere hormat-sarpa bilen garamak, ondan rejeli peýdalanmak ýaly milli däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler halkymyzy örän buýsandyrýar.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com