Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSyýahatçylyk

Täsin dünýäniň täsin tokaýlary

16-09-2023 / 51

Tebigatyň gymmatly baýlyklarynyň biri-de tokaýlardyr. Ýer ýüzünde göwrümi hem hili boýunça täsin tokaýlaryň birnäçesi bar.

Sagano bambuk tokaýlygy. (Ýaponiýa) Bambuk esasan Amerika, Aziýa we Afrika ýurtlarynda bitýän, 1000-den gowrak görnüşi bolan agaçdyr.  Bambugyň galyňlygy 80 santimetre, boýy bolsa 33 metre çenli ýetýär. Ýaponiýanyň Kiýoto şäheriniň günbataryndan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu tokaýlygyň tutýan meýdany 16 inedördül kilometrdir. Bu ýere gezelenje gelen adamlar üçin bambuklaryň täsin boý-syratyny  synlar ýaly tokaýyň içinden geçýän 500 metrlik ýoda bar. Bambuk tokaýlygy tokaýlaryň täsinidir.

Redwood National and State. (ABŞ) Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşen bu tokaýlyk gelim-gidimli ýerleriň biridir. 158 kilometre  uzalyp gidýän tokaýdaky agaçlaryň uzynlygydyr uzak ýaşy gezelenje gelýänleri haýran galdyrýar. Bu tokaýda 2006-njy ýylda dünýaniň iň uzyn agajy hasaba alynýar. 800 ýaşly sekoýa agajynyň 158,8 metr boýy bardyr. Şeýle-de bu ýer haýwanat dünýäsi, ösümlikleriniň köpdürliligi, içinden akyp geçýän derýalary bilen jahankeşdelere ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär.

Gara tokaý. (Germaniýa) Bu tokaý nemes dilinde “Schwarwald” diýlip atlandyrylýar. Oňa  bu ady bermekleri ýöne ýere däldir. 12000 inedördül kilometr meýdany tutýan tokaýlyk gürlügi bilen Gün şöhlesiniňseýrek düşýän ýeridir.  Germaniýanyň günbataryndan uzalyp gidýän tokaýlygyň gündogar we günbataryny Ren derýasy çäklendirýär. Germaniýa bilen Awstriýanyň serhedinde ýerleşen  tokaýlykda agaçlaryň köp görnüşleri bolmak bilen nesline tükenme howpy abanýan käbir haýwanlar hem ýaşaýar.  

Egri tokaý. (Crooked Forest) (Poloniýa)-1930-njy ýylda ekilen bu tokaýyň agaçlary egridir. Bu agaçlaryň şeýle görnüşde ösmekligine adamlaryň täsiriniň bardygy hakynda hem aýdýarlar. Ýöne şeýle hem bolsa bu agaçlaryň ýerden ýokarky bölegi 90 dereje egrelendir. Bu ýagdaýa adamyň täsiri ýetip biljekligi barada häzire çenli belli bir  çaklama tapylanok. 400 düýpden gowrak bu egri açaglaryň döredýän tokaýlygy Poloniýanyň  demirgazygyndan günbataryna çenli uzap gidýär.  

Jiuzhaigou tokaýy. (Hytaý) “Melekleriň hekaýasy” diýen manyly ada mynasyp bu tokaý özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýar. 9 obany birleşdirýän tokaýa halk arasynda “Dokuz obanyň jülgesi” hem diýilýär. Jiuzhaigouda 114 köl we şaglawuklaryň  birnäçesi bardyr. Kölleriň her haýsynyň özüne mahsus owadanlyga eýe bolmagy aklyňy haýran edýär. Suwy kaliý karbonatyna baý bolansoň kölleriň düýbüni arkaýyn görüp bolýar. Aýtmaklaryna görä bu suwlar buzluklaryň eremegi netijesinde emele gelendir. Bu tokaýlyk özüniň täsin  we seýrek duşýan haýwanat dünýäsi bilen hem bellidir.  30 kilometr uzynlykda bolan bu tokaý her ýylda millionlarça syýahatçyny garşy alýar.

Bahar BAÝRAMOWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Agroinženerçilik taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com