
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagy bagtyýar ýaşlary täze menzillere atardy. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň talyp ýaşlara geçen sapagy Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynyň ähmiýetine bagyşlandy.
Halypa mugallymyň belleýşi ýaly, Milli Liderimiziň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagy hakydamyzda hemişelik galar. Milli Liderimiziň döwür baradaky, beýik geljegimiz we bizi gyzyklandyrýan meseleler hakdaky parasatly sözleri işde-de, durmuşda-da biziň üçin mydama ýol görkezijidir.
Ata-babalarymyz geçen müňlerçe ýyllyk taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletiniň saýasynda bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk gazanylan esasy üstünlik hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip, jaýdar belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu sapagynyň aýratyn hem ýaşlar üçin juda gymmatly bolandygyny aýtmak gerek. Milli Liderimiz öz çykyşynda: «Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin. Söhbetdeşliklerden galan täsirleri, ýaşlar üçin döredilen şertleri öz eserlerimde beýan edýärin. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda-da ýaşlarymyzyň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berdim. Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýip belledi.
Altyn BABYŞOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.