
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagy örän täsirli boldy.
Umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öz içine alýan, çuň many-mazmunly bu çykyş hemmämizi joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Bu nusgawy sapak öňdebaryjy tejribäniň mekdebi boldy, tejribe bolsa ösüşiň çeşmesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň bu sapagynyň aýratyn hem ýaşlar üçin juda gymmatly bolandygyny aýtmak gerek. Milli Liderimiz öz çykyşynda: «Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin. Söhbetdeşliklerden galan täsirleri, ýaşlar üçin döredilen şertleri öz eserlerimde beýan edýärin. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda-da ýaşlarymyzyň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berdim. Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýip belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen duşuşygynyň, umumy sapagynyň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň özünde-de uly many bar. Bu ajaýyp şäheriň haýran ediji gözelligi, Gahryman Arkadagymyz bilen bolan şol taryhy duşuşygyň ýakymy bilen biziň ömrümize ynam bolup, yhlas bolup, şu nurana durmuşa söýgi bolup siňdi.
Jasurbek DÖWRANOW,
TOHI-niň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 1-nji ýyl talyby.