Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

30 ýyllyk tejribe

16-09-2023 / 25

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde 15-nji sentýabrda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. 1993-nji ýylda döredilen bu gaznanyň döredilmegine 2023-nji ýylda 30 ýyl doldy. Bu mynasybetli ýokary derejede geçirilen bäştaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Aral sebitinde durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry maslahatlaşyldy.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna işjeň ýardam berýär, munuň özi diňe bir sebit derejesinde däl-de, ählumumy derejede hem uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologiýa meselelerine halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär, diňe sebit tagallalarynyň birleşdirilmegi bu meseläni çözmekde netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin ýeke-täk kabul ederlikli şert bolup durýar. Mejlisde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň  esasy kadalaryny ekologiýa meselesiniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris» – diýip nygtady.

Türkmen tarapynyň suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça berýän teklipleri köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şatlyk EREŞOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener mehanika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com