Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýol abat — il abat

15-09-2023 / 5056

Ýurdumyzda her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Dogana-dosta uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara amatly şertleri döredýär. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Şonuň bilen baglylykda, her bir sürüji hem-de pyýada ýolagçylar ýola çykanda ýol belgilerine ünsli bolup, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mähri JUMANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com