Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ömrümiziň rahatlygy üçin

15-09-2023 / 23

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, köçe-ýol hereketine gatnaşyjy pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň sanynyň barha artýan häzirki döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäresi guramaçylykly geçirilýär.

Bu işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Ilatyň arasynda geçirilýän şol işleriň esasy maksady, ýol hereketiniň kadalaryna aňly-düşünjeli garamak, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek, ýol hereketine gatnaşyjylaryň  ýolagçy hökmünde ýol hereket medeniýetini ýokarlandyrmaga bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, halkara derejeli ýollar, köprüler gurulýar. Ýollarda bökdençsiz hereketi ýola goýmak, raýatlaryň rahat gatnawyny üpjün etmek, döwrebap ýol-ulag ulgamyny döretmek babatynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Döwrebap ýollar gijelerine daş-töweregi gündizlik deý ýagtylandyrýan çyralar, günüň islendik çagynda sürüji hem pyýada üçin anyk görünýän ýol belgileri bilen üpjün edilýär. Çatryklardaky sowma ýollar, köprüler, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeler, ýanýodalar we ýaşyl zolaklar, bularyň ählisi sürüjilerdir ýolagçylaryň rahat hereketleri üçin döredilen mümkinçiliklerdir.

Jemgyýetiň häzirki zaman ösüş döwründe ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky meseleler örän wajypdyr. Häzirki wagtda ýol hereketiniň kadalary we onuň düzgünleri barada düşündiriş, wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe bolýar.

Ýollarymyzyň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen biraýlyk çäräniň özeninde döwletimiziň maşgalalaryň abadançylygy, ynsan ömrüniň rahatlygy hakyndaky aladalary durandyr. Bu biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalarynyň, düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi barada raýatlarymyzyň arasynda düşündiriş hem-de wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar.

Aýsülük SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com