Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Täjigistan barada gyzykly we az bilinýän maglumatlar

14-09-2023 / 5046

Täjigistan belent daglyk ýurt. Ýurduň çäginiň 90% -den gowragyny daglyk ýerler tutýar. Takmynan, 50% -niň deňiz derejesinden 3000 m-den gowrak beýikligi bar. Dünýäniň iň beýik daglarynyň birnäçesi bu ýerde ýerleşýär. Boýy 7,495 metre ýetýän «Ismoil Somoni» dagy  Täjigistanda iň beýik dagydyr.

Dünýäde adam tarapyndan döredilen ikinji beýik bent. «Nurek» bendi Täjigistanyň Wahş derýasynda ýerleşýär. Bu bent 2013-nji ýylda Hytaýyň Jinping-I tarapyndan ýykylmazdan ozal dünýädäki iň beýik bentdi. Bent esasan gidroelektrik öndürmek üçin ulanylýar.

Dünýäniň iň uzyn buzlugy. «Fedçenko» buzlugy atly ullakan buzluk, ýurduň Gorno-Badahşan welaýatynyň Pamir daglarynyň Ýazgulem gerşinde ýerleşýär. Bu buzluk 700 inedördül km meýdany tutýar we takmynan 77 km aralyga çenli uzalýar. Buzluk iň galyň nokadynda 3,300 fut çuňlukda ýerleşýär. Uzyn we dar «Fedçenko» buzlugy, iki polýar sebitiň daşynda ýerleşýän dünýädäki iň uzyn buzlukdyr.

900-den gowrak derýa. Ýurtda gür derýalaryň sany diýseň köp. Ýurtda 900-den gowrak derýa 10 km uzynlykda akýar. Merkezi Aziýanyň iň uzyn derýalarynyň käbiri bu ýurduň içinden akyp geçýär. Syrderýa we Amyderýa Täjigistanyň iň uly derýalarydyr.

Aleksandr Makedonskiniň adyny göterýän ajaýyp köl. Bu köl ýurduň Sughd welaýatynyň daglarynda 2,195 m belentlikde ýerleşýär. Köl gözelligi bilen hem meşhur bolup, üçburç şekilli we meýdany 3,4 inedördül km-e ýetýär. Köl öz adyny Aleksandr Makedonskiýden adyndan alyp gaýdýar. Kölüň daş-töweregi ýerli we ýabany tebigat üçin dürli ýaşaýyş ýerlerini üpjün edýär.

«Ýeti dar» rowaýaty. Bu rowaýat Täjigistanda has  giň ýaýran rowaýatlaryň biridir. Bu rowaýat Gimalaý daglary bilen baglanyşdyrylýan bolsa-da, Täjigistanyň Pamir dag sebitinde gar adamlarynyň ýa-da Ýeti daryň häli-häzirem barlygy barada habar berilýär.

Ösüp barýan syýahatçylyk mekany. Täjigistanda syýahatçylyk soňky on ýylyň dowamynda diýseň çalt ösýär. Ýurduň daglyk landşafty hem-de özboluşly medeniýeti uzak ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com