Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Gyz edebi — eşrepi

14-09-2023 / 121

Çagalaryň terbiýesine mukaddeslik hökmünde garalýar. Ene-mamalarymyz «Gyz edebi — eşrepi» diýip, gyz terbiýesini ýöne ýere gyzylyň gyryndysyna deňemändirler.

Edep-terbiýäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem gyzlara görelde bolýarlar. Enelerimiz çaga dünýä inen gününden başlap, onuň terbiýesini iň ilkinji orunda goýýar. Çagasynyň bagtyny diläp, ony gözden-dilden gorap saklaýar, penalap gezýär.

Geçmiş taryhymyzda Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüňe we burnuňa esewan et, hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys gelsin. Ajygan wagty naharyny gijikdirme. Çünki açlyk howry ýakyjydyr. Sen onuň göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan  goýmaz. Onuň göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan zadyny söý, halamadyk zadyny ýigren. Şonda size her zadyň haýyrlysy miýesser bolar.»  Şu mysaldan hem görnüşi ýaly, gyz çaganyň terbiýesinde enelerimiz has-da talapkär bolupdyrlar.

Edep-terbiýe babatynda halk arasynda nijeme dürdäne pähimler bar. Geçmişiň gyzyldan gymmatly pähimlerine ýüzlensek: «Edep zenan üçin geýim ýalydyr», «Edep bir täçdir, şol täji geýen zenan her beladan gutular», «Enäniň mähri zor, terbiýesi zer», «Edenli gelin ojaga çeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker», «Asuda maşgalaň gelni edepli, ol ojagyň duzy-tagamy datly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Agaly-inili oglanyň oky-ýaýy başgadyr, ejekeli gyz uýanyň sepi-şaýy başgadyr», «At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan sepini artdyr» ýaly dana pähimler nesillerimiziň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedir.

Selbi KAHAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com