
Ýurdumyzda hususyýetçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň, ýeňillikleriň netijesinde hususy telekeçilikde gurlup ulanylmaga berilýän köpsanly önümçilik desgalary — iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, sowadyjy ammarlar, balykçylyk hojalyklary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar bu günki gün halkymyzyň hyzmatynda.
Häzirki wagtda welaýatlarymyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň uly toplumy hereket edýär. Olar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de olary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.
Ýyladyşhanalar, sözüň doly manysynda, bolçulygyň çeşmesidir. Gujur-gaýrat siňdirilip, çekilen päk zähmet maşgala ojagyna rysgal-döwlet getirýär, bereket eçilýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi, ekinlere edilýän yzygiderli ideg, çekilýän yhlasly zähmet ýyladyşhanada ýetişdirilýän ekiniň ýokary hasyllylygyny üpjün edýär.
Obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly soňky ýyllaryň dowamynda iri möçberli özgertmeleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Olardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilerine uzakmöhletleýin ýer bölekleri berilýär. Geljegine uly ynam bildirilýän ýer gaznalaryndan ýylba-ýyl oňyn netije alynýar hem-de işiň şu usulynda işlemäge isleg bildirýänleriň sany has-da artýar.
Aýjan MUHAMMETMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.