Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ykdysady ösüş — nurana geljegiň binýady

13-09-2023 / 5053

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çalt depginler bilen ösýän ata Watanymyzyň ösüşlerinde bedew bady bar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti we halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda maksatnamalaýyn esasda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.

Ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini durnukly saklamak we mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» muny doly tassyklaýar. Bu maksatnama ata Watanymyz Türkmenistany ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary, täzeden-täze maksatlary we öňde goýlan örän wajyp wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýan sanly reforma milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmegiň täsirli guraly we geljegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeler kabul edilen Milli maksatnamada aýratyn görkezilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň doly sanlylaşdyrylmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň maglumat giňişligine çalt depginler bilen goşulyşmagyna itergi berer.

Toýnazar JANYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener­-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com