Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Ýene-de almanyň peýdalary barada

13-09-2023 / 5071

Ýer ýüzünde iň giň ýaýran miwe hasaplanýan almanyň artykmaç häsiýetleri hem beýleki miwelere görä agdykrakdyr. Şonuň üçin hem bu peýdaly miwe uludan kiçi hemmäniň iň halaýan iýmitleriniň biridir. Lukmanlar süýji, turşy, süýjümtik-turşumtyk tagamly almalaryň käbir dermanlaryň ornuny tutup biljekdigini aýdyp, şulary nygtaýarlar:

Immuniteti berkidýär. C ýokumyna örän baý bolan alma güýz we gyş aýlarynda sowuklamanyň we keselden goranmagyň öňüni almak üçin esasy iýmit serişdesi hasaplanýar.

Awitaminoz keselini ýok edýär. Almanyň etinde witaminleriň we minerallaryň 20-den gowragy jemlenendir. Hut şonuň üçin hem almany gündelik iýmitimiziň sanawyna goşmak bilen bedenimizi A, B1, B2, B3, B6, C, E, P, PP, K, kaliý, demir, fosfor, sink, magniý bilen yzygiderli baýlaşdyrarys.

 Gandaky gemoglobiniň derejesini dikeldýär. Almanyň düzümindäki demiriň köplügi zerarly biz bu hili oňyn täsiri gazanyp bileris. Şonuň üçin hem diýetologlar her gün ortaça ululykda 1-2 sany almany iýmegi maslahat berýärler. Özi-de gyzyl almanyň peýdaly häsiýetleri köpräkdir.

Holesteriniň derejesini peseldýär we gan damarlaryny arassalaýar. Düzümindäki kaliý we sink, şeýle-de beýleki käbir peýdaly organiki kislotalaryň hasabyna alma bedendäki holesterinden saplanmaga kömek edýär.

Içegelerde howply keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Almanyň düzüminde köp mukdardaky kletçakalar beden agzalarynda howply döremeleriň öňüni almaga ýardam edýär. Emma almanyň bu hili peýdaly häsiýetleriniň saklanmagy üçin ony terligine iýmek gerek.   

Dilafruz KURBANOWA,
Lebap welaýatyndan hususy telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com