Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — ýaşlaryň we ýaşlygyň şäheri

13-09-2023 / 5015

2023-nji ýylyň 23-nji martynda «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun esasynda Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi.

Täze şäheri synlanyňda, göwnüň galkynýar. Halkyň we Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, bu ýerdäki ulanylmaga berlen möhüm iri desgalara şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy bolsa eziz halkymyzy buýsandyran, guwandyran esasy wakalaryň biridir. Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren Göroglynyň, şäheriň kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyrynyň pederi, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň, täze şäheriň ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Täze şäherde taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek boýunça alnyp barlan bu işler ýaş nesillerimizi geçmişimize guwanmak, taryhymyza buýsanmak duýgusynda, ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam eder.

«Arkadag» adyny alan täze şäheriň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlandygyny, onuň çäginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalarda iň kämil innowasion lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny bellemek ýakymlydyr. Akylyňy haýrana goýýan täze şäherdäki şeýle desgalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, saglyk öýüniň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, «Tiz kömek» merkeziniň bolmagy halkyň saglygy ugrunda amal edilýän işleriň ägirtligini görkezýär. Welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, «Saglyk» seýilgähi bolsa täze şäherimize özboluşly nuranalyk we gözellik goşar. Hassalara daş aralykdan gözegçilik etmegiň «akylly» ulgamynyň döredilmegi täze, döwrebap şäheriň saglygy goraýyş maksatly binalarynyň ajaýyp aýratynlyklarynyň biridir.

Ýusup METIKOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com