Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

11-09-2023 / 5046

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmäge 580 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Gubadag — 3”, “149-F”, “Ýolöten — 14” ýaly görnüşleri ekildi. “Ak altyny” ýygnap almakda, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri ulanylar. 

2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com