Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagy — geljege çelgi

09-09-2023 / 88

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy.

Umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öz içine alýan, çuň many-mazmunly bu çykyş hemmämizi joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Bu nusgawy sapak öňdebaryjy tejribäniň mekdebi boldy, tejribe bolsa ösüşiň çeşmesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Giň gerimli bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan hukuk we guramaçylyk binýadynyň, maddy-tehniki, intellektual üpjünçiligiň, umuman, ähli şertleriň döredilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir.

Mugallym öz işjeňligi, göreldesi, döwrebap pedagogik usullardan ýerlikli peýdalanyşy bilen ýaşlary hünär ussatlygyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklandyrmagy başarsa, talyp, okuwçy işjeň ýagdaýda okuw derslerini özleşdirýär, jemgyýetçilik işlerine höwes bilen gatnaşýar. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda aýdan öwüt-nesihatlary nusgalyk göreldedir.

Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagy okuw bilen önümçiligiň, nazaryýetde alnan bilimler bilen tejribäniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan hem görelde alarlykdyr.

Gülbahar HALBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com