Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistan Sinandali aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar

08-09-2023 / 13

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Sinandali festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden ýerine ýetirijileri, dirižorlary, kompozitorlary, şeýle hem nusgawy aýdym-saz söýüjilerini özüne jemleýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedowyň çäräniň guramaçylary we oňa gatnaşýan ýaş türkmen sazandalar topary bilen duşuşygy geçirildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com