Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Köpeltmek jedweliniň döreýiş taryhy

08-09-2023 / 60

Matematiki amallarda giňden peýdalanylýan köpeltmek jedweli öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gadymy Müsürde has irki döwürlerde köpeltmek hasaby ulanylyp başlanypdyr. Müsürliler gaýtadan goşmak ýa-da yzygiderli iki esse artdyrmak arkaly köpeltmegi ýerine ýetiripdirler. Wawilonda sanlar köpeldilende, ýörite jedwelden peýdalanypdyrlar.

Gadymy Hindistanda sanlary köpeltmegiň dürli usullary ulanylypdyr. Bu usullar häzirki döwürdäki köpeltmek hasaplaryna örän ýakyndyr. Hindiler sanlary köpeltmekde ýokarky hatarlaryndan başlap, amaly ýerine ýetiripdirler. Şol bir wagtyň özünde indiki amallar ýerine ýetirilýän wagtynda çalşylmaly sanlary bozup, onuň deregine köpeldilende, ýadynda saklaýan belgini goşupdyrlar. Şeýlelik bilen Hindistanyň matematikleri gysga köpeltmek hasaplamalary ýerine ýetirip, köpeltmek hasabyny ýazypdyrlar. Araplar köpeltmek usulyny hindilerden öwrenip, ony has kämilleşdiripdirler. Emma araplar sanlary bozman, olary kesipdirler we kesilenleriň üstünden täze belgini ýazypdyrlar. Bular häzirki wagtda mekdepde dürli hasaplama işlerini geçirenimizde ýerine ýetirýän hem-de bize tanyş bolan matematik amallardyr.

Ýewropa ýurtlarynda uzak wagtlap köpeltmek hasabyna köpeltmegiň jemi diýlipdir. «Köpeldiji» adalgasy VI asyryň, «köpeliji» bolsa XIII asyryň matematikleriniň işlerinde agzalýar. XVII asyrda käbir matematikler «X» belgi bilen köpeltmegi aňladyp başlapdyrlar. Käbirleri bolsa köpeltmek belgisini aňlatmak üçin nokatlary ulanypdyr. Ol häzirki wagtda-da giňden ulanylýar. Diňe XVIII asyryň ahyrynda matematikleriň köpüsi köpeltmek alamaty hökmünde nokady ulanyp başlady. Köpeltmek we deňdir alamatlary meşhur nemes matematigi Gottfid Wilgelm Leibniziň (1646 — 1716-njy ýyllar) teklibi netijesinde umumy ykrar edildi.

Köpeltmek jedweliniň orta asyrlarda Angliýadaky mekdeplerde ilkinji gezek okuw meýilnamalaryna girizilendigi bize mälimdir. Şol döwürlerde köpeltmek jedweli sanlary 12-ä çenli köpeltmek ulgamyna meňzeýärdi. Bu nusga häzir diňe Beýik Britaniýanyň özünde saklanyp galypdyr. Sebäbi iňlisleriň durmuşynda, köplenç, 12 san bilen köpeltmek amallary has köp ýerine ýetirilýär. Meselem, ölçeg ulgamyny alanymyzda, 1 funt 12 dýuýma deň. Öňler hasaplaşyk işleri ýerine ýetirilende, dolanyşykdaky puluň gymmaty 1 şilling 12 pense deň bolupdyr. Görşümiz ýaly, köpeltmek jedweliniň dünýäniň her döwletinde özüne mahsus usullary ulanylypdyr.

Mekan BABALYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com