Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Çagalyk dünýäsiniň parlak ýyldyzy

08-09-2023 / 95

Megerem, körpeleriň uly gyzyklanma bilen seredýän multfilmleriniň biri hem “Maşa we aýy” bolsa gerek. Rus animasion studiýasy bolan “Animakkord” tarapyndan üç ölçegli grafika esasynda taýýarlanan bu multfilm 2009-njy ýyldan bäri diňe çagalaryň däl, ulularyň hem söýgüsini gazanyp gelýär. Multfilme tomaşa etmek – çagalaryň söýgüli pişesi.

Öňdebaryjy täze tehnologiýalar arkaly düşürilýän bu multfilmiň üstünde 70-den gowrak hünärmenler işleýärler. Bir bölümiň düşürilişi ortaça dört aýdan sekiz aýa çenli ýetýär.

Geliň, indi bolsa bu multfilmiň baş gahrymanlary bilen tanşalyň!

Maşa – özboluşly häsiýetli, bilesigeliji, şadyýan, işjeň gyzjagaz. Ol taýajykly kempudy we beýleki süýji önümlerini diýseň halaýar. Aýynyň gazanan medallaryny, sylaglaryny, kuboklaryny, topy oýnamagy, bedräniň içine girip, bökmegi, multfilm görmegi, dürli sowallary soramagy, erteki we hekaýalary gürrüň bermegi gowy görýär.

Aýy – birnäçe hormat hatlara, sylaglara, medallara eýe bolan belli sirk aýysy. Ol her bir kuboklaryna aýawly çemeleşýär we arassalygyndan ýaňa şöhle saçýança süpürýär. Ümsümligi, rahatlygy, balyk tutmagy, futbol oýnamagy, bal iýmegi gowy görýär. Maşanyň edýän hereketlerinden kösense-de, ony terbiýelemäge synanyşýar.

Bu multfilmde başga-da 10-dan gowrak gahrymanlary görmek bolýar.

Ilýas BATYROW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com