
Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
1842-nji ýylda Gündogary öwreniji alym Aleksandr Hozdko Magtymgulynyň üç şygryny we onuň özi baradaky gysgajyk maglumaty Londonda iňlis dilinde neşir etdiripdir. Onuň seýrek golýazmalary Beýik Britaniýanyň döwlet muzeýinde saklanylýar.
Kazan we Sankt-Peterburg uniwersitetleriniň professory I.N. Berýozin «Turesskaýa hrestomatiýa» («Türk hrestomatiýasy») atly üç jiltlik kitabynda Magtymgulynyň bir goşgusyny türkmen dilinde arap elepbiýinde çapdan çykarypdyr. Onuň yz ýanyndan F. Bakulin «Pesni u turkmen i ih poet Mahtumkuli» («Türkmenlerdäki aýdymlar we olaryň Magtymguly şahyry») ady bilen şahyryň özi hakda maglumat berip, onuň iki goşgusyny rus dilinde ýaýradýar. F. Bakulin Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen rus okyjylaryny ilkinji gezek tanyş edenleriň biri bolupdyr.
Budapeşt uniwersitetiniň professory Arminiý Wamberi 1879-njy ýylda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde asyl nusgasynda we nemes terjimesinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň 31-sini dolulygyna, 9-syny bölekleýin görnüşde žurnalyň üsti bilen «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwany» ady bilen ýaýradýar.
N.A.Ostroumow Daşkentde 1907-nji ýylda Magtymgulynyň birnäçe goşgularyny arap elepbiýinde türkmen dilinde, 1911-nji ýylda bolsa aýratyn kitapça edip çapdan çykardýar.
Mirzahyt Mirsytdyk oglunyň çapa taýýarlan «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» atly kitaby 1911-nji ýylda Daşkentde neşir edilýär. 1912-nji ýylda bolsa, Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Magtymgulynyň 45 goşgudan ybarat bolan şygyrlar diwany Astrahanda çapa taýýarlanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň kitaplary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Daşary ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanyp, halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Şeýle işler kämil şygyrlaryň ynsan kalbyna ýol salýandygyna güwä geçýär.
Orazmät REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.