
Garaşsyzlyk — bu uly bagt, mukaddeslik. Garaşsyzlyk bize özbaşdak ösüş ýoluny — milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan türkmen nusgasyny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Muňa soňky 32 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ösüşiň dünýä ýurtlary üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady diýip bolar.
Özbaşdaklygymyzyň ilkinji ýyllarynda birnäçe gaýtadan işleýän senagat kärhanalary bar bolan Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady taýdan kuwwatly güýçli senagat döwletine öwrüldi. Gurlup ulanmaga berilýän kuwwatly önümçilik desgalarynyň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi we olarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy bolsa, şeýle ýokary netijeleriň gazanylmagyna hem-de halk hojalygynyň ösdürilmegine ýardam berdi.
Garaşsyzlyk — türkmen ykdysady gudratyny gysga wagtyň içinde dünýä ýaýmaga, sanly ykdysadyýeti — ýurdumyzda sanly giňişligi döretmäge we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga itergi beren güýç. Sebäbi dünýä bilermenleri tarapyndan esasy ara alnyp maslahatlaşylýan sanly ulgamyň giň müminçiliklerini ýurdumyzda ornaşdyrmak diňe özbaşdaklygymyzy almagymyz bilen mümkin boldy. Bu babatdaky möhüm ädimler bolsa, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimizi ýokary hilli iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegi strategik ähmiýete çykarmagy bilen ädildi. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» gol çekmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýet Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminama esasynda halk hojalygynyň pudaklarynyň ençemesi doly sanlylaşdyryldy. Sanly reformany amala aşyrmak babatda degişli işler dowam etdirilip, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, täzeden-täze önümçilikler ýola goýlup, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda, ylmy siňňitli önümçilikde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlygynyň otuz iki ýylynyň içinde Türkmenistan ykdysadyýetini dünýä hojalygynyň ugruna laýyklykda depginli ösýän, özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy.
Akjagül ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.