Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri»: ýeňijiler sylaglandy

07-09-2023 / 5071

6-njy sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.

Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Olar çagalary geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere we arzyly maksatlaryna ýetmäge höweslendirer.

Ýeňijiler:

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Maksat ogly Maksadow;

Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Şöhratmyradowna Allalyýewa;

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jumamuhammet Serdarowiç Serdarow;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerem Hangeldiýewiç Hangeldiýew;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulbahar Pirgulyýewna Hojaberdiýewa;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikowiç Begendikow;

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Selim Döwranowiç Berdiýew.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com