
Adam saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamaklary, berk bedenli bolmaklary ugrunda birnäçe işleri amala aşyrýarlar. Beden we ruhy taýdan sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde birnäçe işleri durmuşa geçirýärler.
Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi eýýam birnäçe ýyl bäri däbe öwrüldi. Bu at bilen dowam edýän aýyň dowamynda ýaş we ýaşuly nesliň arasynda ýol hereketlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, adam saglygyna howp salýan endiklerden daşda durmak, çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny guramak işleri ýygy-ýygydan alnyp barylýar. Ýerli polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri ýörite meýilnamalar esasynda ýaşlaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde birnäçe duşuşyklaryny geçirip, olara mysallar arkaly wideoşekilleriň üsti bilen ýol hereketlerini talaba laýyk berjaý etmek dogrusynda gürrüň berýärler.
Bagtyýar zamananyň bagtly raýaty bolup ýaşamak, adam saglygyna howp salýan hereketlerden daşda bolmak her bir ynsanyň özüne bagly. Berkarar zamananyň hözürini görüp ýaşamak ähliňize miýesser etsin!
Nurgözel PÄLWANOWA,
Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň epidemiolog lukmanynyň kömekçisi, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.