Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Planşetiň saglygymyza täsiri

06-09-2023 / 5088

Häzirki döwürde elektron enjamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Noutbuklar, planşetler we smartfonlar işimizde ýeňillik döretse-de, olardan çykýan şöhleler saglygymyza zyýanly täsir edýär. Şonuň üçin hem bu enjamlar ulanylanda seresap bolmalydyr. Çünki planşetleriň şöhleleri bedene uzak wagtlap täsir etse, adamyň derisine we içki organlaryna zeper ýetirýär. Şol sebäpli ony ýüregiňe, öýkeniňe, garnyňa ýakyn tutmak maslahat berilmeýär.

Planşetden we smartfondan ýaýraýan şöhleler beýni üçin örän zyýanlydyr. Olar nerw ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýär we dürli keselleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin gürleşilende, ony gulagyňdan az-kem daşrakda saklamak gerekdir. Şeýle hem ýatan wagtyňyzda ony ýassygyň golaýynda goýmaly däl, radiotolkunlar beýniniň dynç almagyna päsgel berýär we ukyny bölýär. Mundan başga-da, çagalar uzak wagtlap planşet oýnap, daşaryk çykmaýarlar, az hereket edýärler. Bu bolsa daýanç-hereket ulgamynyň gowşamagyna getirýär.

Ekrana uzak wagt seredilse, gözüň nemli bardasy guraýar we göreje yzygiderli täsir edýän şöhleler göz bozulmalaryna sebäp bolýar. Şeýle hem ownuk ýazgylary okamak gözi tiz ýadadýar. Mundan başga-da, planşeti we smartfony çendenaşa köp ulanmak, oýun oýnamak çagalarda psihiki näsazlyklary döredip bilýär. Gaharjaň we okuwa ýetişigi pes, dünýägaraýşy dar bolýarlar. Bu babatda ata-eneler çagalaryna düşündirip, kitap okamak ýa-da gyzykly maglumatlar toplamak, zehini ösdürýän oýunlary oýnamak üçin çäkli wagt ulanmaga rugsat bermelidirler. Planşet biziň işimizi ýeňilleşdirmelidir, näsaglygyň sebäbi bolmaly däldir!

Hemra ATAÝEW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com