Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Kämil demokratiýa – döwrüň talaby

06-09-2023 / 16

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, giň gerimli işler täze taryhy döwrümize mahsus ýagdaýda rowaçlanýar. Ýurdumyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar.

Ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna aýratyn orun degişlidir.

1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär.

Türkmen halkynyň demokratik däpleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan durmuş ýörelgelerini, türkmen jemgyýetinde halk bähbitli wezipeleri çözmekde özüniň oňyn netijesini berýär. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan içeri we daşary syýasaty, milletimiziň işjeňligi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçirilip dowam etdirilmegi, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki taryhy döwürde halk demokratiýasynyň asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orny eýeleýär.

Täze-täze sepgitlere ýetmekde her bir adamyň, her bir guramanyň, her bir pudagyň öz orny, öňünde ýerine ýetirmeli jogapkärli wezipesi durýar. Tutuş jemgyýeti birleşdirýän zat bolsa berkarar döwletimiziň, agzybir jemgyýetimiziň ygtybarly geljeginiň mizemez binýadyny hemme ugurlarda pugta kemala getirmek baradaky belent maksatdyr. 

Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com