Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ajap eýýamymyzyň ak ýollary

06-09-2023 / 5010

Ýurdumyzda her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda guralýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu çäräniň ähmiýeti örän uludyr.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.  Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy diňe bir sürüjiler üçin derwaýys bolman, eýsem, hemmämize degişlidir. Diýmek, köçe-ýollaryň hadysasyzlygyny gazanmakda her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.

Watanymyzyň barha gülläp ösýän häzirki döwründe ulaglaryň sany barha artýar we hereketi ýygjamlaşýar. Şoňa görä-de, ak ýollarymyzda awtoulaglaryň sazlaşykly hereketi üçin döwrebap şertler göz öňüne tutuldy.

Sentýabr aýynyň bütin dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara yzygiderli orun berilýär. Geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatynda gymmatly maslahatlar berilýär. Biraýlygyň ýörite şygarynyň hem-de nyşanynyň astynda guralýan dabaralar dürli bäsleşikler, wagyz-nesihat we düşündiriş işleri, biraýlyga bagyşlanan kitapçalaryň taýýarlanylmagy ýaly çäreler bilen utgaşýar.

Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com