Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara hyzmatdaşlygy boýunça 3-nji sammit geçiriler

03-09-2023 / 5007

Hytaý Halk Respublikasynyň başlangyjy bilen ýola goýlan «Bir guşak-bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy boýunça 3-nji sammit şu ýylyň oktaýbrynda Pekinde geçiriler. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň wekili Wan Wenbin habar berýär.

«Bir guşak-bir ýol» başlangyjy 2013-nji ýylda HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan badalga berildi. Ol gadymy Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekden ybarat bolup, onuň maksady Hytaýyň Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň we beýleki sebitleriň bazarlaryna çykarmak bolup durýar. Sammitiň gün tertibiniň esasy ugry özara kommunikasiýa bolar. Bu başlangyç halkara ykdysady hyzmatdaşlykda täze meýdança döretmekden ybarat.

Mälim bolşy ýaly, «Bir guşak-bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde ilkinji sammit 2017-nji ýylda, ikinjisi bolsa, 2019-njy ýylda geçirildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com