Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Ýakyn günlerde «iPhone 15» tanyşdyrylar

01-09-2023 / 5050

12-nji sentýabrda dünýäde «iPhone 15» smartfonlaryny, şeýle-de «Apple Watch Series 9» akylly sagatlary görkeziler. Täze smartfonlar üçin sargytlar 15-nji sentýabrda başlar. Bu barada «9To5Mac» neşiri habar berýär.

Maglumatlara görä, «iPhone 15 Pro» we «Pro Max» «Apple» smartfonlary üçin täze bolan «Titan Gray» reňkinde bolmagyna garaşylýar. Bu reňkiň ulanylmagy «Apple» -iň smartfonlaryň gabarasynyň materialyny poslamaýan polatdan titana çalyşmak karary bilen baglanyşykly bolupdyr. Mundan başga-da, «Apple» -iň 2023-nji ýylda täzelenen goýy gök reňkini hem tanyşdyrylar. Täze önümleriň ählisi diýen ýaly tanyşdyrylyşyndan bir hepde soň satuwa çykarylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com