Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

13-14-nji sentýabrda halkara forum geçiriler

31-08-2023 / 5031

Türki Döwletleriň Guramasy bu halkara gurama agza ýurtlarynda ulag pudagynda iş alyp barýan edaralaryň, gulluklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerini 13-14-nji sentýabrda Türkiýede geçirilmegi göz öňüne tutulýan halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi web saýty habar berýär.

Halkara forum multimodal ýük gatnawlary hem-de logistika boýunça geçiriler. Forum multimodal halkara ulag geçelgelerini ösdürmek üçin bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmaga giň meýdança bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com