Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

28-08-2023 / 21

Bilşimiz ýaly, ýakynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen ýaşlarynyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. 

Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertler netijesinde, ýaş ýigitlerdir gyzlar daşary ýurtlaryň meşhur okuw merkezlerinde ýokary bilim alýarlar, halkara aň-paýhas, döredijilik we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Türkmen ýaşlarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna, Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň maslahatyna we beýleki birnäçe möhüm ähmiýetli halkara çärelere işjeň gatnaşmaklary  türkmen ýaşlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda örän möhüm wakalar bolup durýar. 

Alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun işlenip taýýarlanyldy hem-de rejelenen görnüşde kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer.

Akjagül NURÝAGDYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com