Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Awgust maslahatlary: iş tejribeler öwrenilýär

24-08-2023 / 5051

Bilim işgärleriniň täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirilýän awgust usuly-amaly okuwlary hem-de maslahatlary öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmakda we ýaýratmakda, geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilen işleri seljermekde hem-de täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim özgertmelerinde ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, döredijilik we ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmaklary, sanly tehnologiýalary ezberlik bilen özleşdirmekleri bilen baglanyşykly wezipeler aýratyn orun tutýar. Şol wezipeler Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly we jogapkärli wezipeler durýar.

Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet çekýän ugurlary boýunça hünärli mugallymlar hem ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek maksady bilen hünär kämilleşdiriş okuwlara yzygider gatnaşyp, hünärlerini ýokarlandyrdylar. Ýurdumyzda mekdeplerde berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ussat we tejribeli mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen mugallymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi mugallymçylyk hünäriniň yzygider kämilleşmegine we bäsleşige ukyply, ökde hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär.

2023-nji ýylda ýurdumyzyň tebigy, takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylarynyň «Robot tehnikasy» taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 3 ugur boýunça welaýatyň okuwçylary gatnaşyp, jemi 3 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 3 ugur boýunça gatnaşan okuwçylar jemi 4 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.

2022—2023-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry onlaýn wideoaragatnaşyk görnüşinde welaýatyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda guramaçylykly geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň netijesi boýunça welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji synp okuwçylarynyň 33 sanysy degişlilikde I, II, III baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bulardan başga-da, welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary 2022—2023-nji okuw ýylynyň degişli döwründe internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki Diplomlara mynasyp boldular. Täze 2023—2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa geljek okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat beriljek noutbuk kompýuterler taýýarlanyldy.

Welaýatymyzda 31 sany ugur boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdep bolup, olarda okuwçy ýaşlara iňlis, nemes, fransuz, italýan, ýapon, hytaý, arap, pars dilleri hem-de tebigy we takyk ugurly dersler boýunça ýörite maksatnamalaýyn bilim berilýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýokary okuw mekdeplerini we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleriň 551 sanysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýollanmasy esasynda welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralaryna işe ýollanyldy, şolardan 19 sanysy mekdebe çenli terbiýeçileri we 532 sanysy ýokary we ýörite orta bilimli mugallymlar.

Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gülnar HALDURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com