
Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň, tutumly başlangyçlaryň, aýdyň maksatlaryň badalgasy. Okuw ýylyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek diňe bir täze okuw ýylyna gadam basýanlaryň däl, eýsem, ýurdumyzyň syýasy durmuşynda hem gyzgalaňly we aýgytly wezipe. Täze okuw ýylynyň başlanýan gününiň ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen utgaşyp gelmegi bolsa, özboluşly many-mazmuna eýedir.
Täze okuw ýylynda 1-nji synpa okamaga müňlerçe okuwçy geler. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterler sowgat berler. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. Okuwçylary okuw lybaslary we beýleki esbaplar bilen üpjün etmek maksady bilen guralan bu söwda nokatlarynda satylýan ýokary hilli, elýeter bahaly, milli äheňli we köpgörnüşli önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi has-da buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Şu günler ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda köp sanly mekdep bazarlary, iň köp adamly ýerlere öwrülýär. Hut şol ýerlere ene-atalar çagalaryna mekdep egin-eşiklerini, okuw esbaplaryny alyp bermek üçin her gün gelýärler. Bu ýerde alyjylara kanselýar we okuw esbaplary beýlekiler satylýar. Şol önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi hem-de milli görnüşde bolmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, bu meselä berk gözegçilik etmegiň, bilim-terbiýeçilik edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini okuw-gollanma edebiýaty bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtaýar.
Merdana ata-babalarymyzyň: «Okan il -ozar…» diýen parasatly sözleri bar. Şu pähimden ugur alnyp, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Mamajan WEÝISOWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.