Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar syýasaty we milli kanunçylyk

21-08-2023 / 5018

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede durmuşa geçirmek üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk şertleri döredilýär. 

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksat-matlaby her bir adamyň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Adam hukuklary giňişleýin we toplumlaýyn düşünjedir. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar adam hukuklary boýunça umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar.

Ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, medeni-ynsanperwer ýörelgelere, halal zähmete bolan söýgini ösdürýär. Döredijilikli halal zähmet adam — jemgyýet — döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» netijeli hereket etmegi giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, kämil ýaşlaryň kemala gelmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Şamyrat ATDAÝEW,
Bäherden etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com