Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sanly kitaphana — sansyz okyjy

16-08-2023 / 89

Ösen tehnologiýa adamyň zähmetini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlaýar. Bu ýagdaý fiziki işlerde bolşy ýaly, haýsydyr bir zady öwrenmekde hem şeýle. Häzirki wagtda haýsydyr bir zady öwrenmek, maglumat almak üçin uzak aralyga gitmäge zerurlyk ýok. Sebäbi internet hyzmaty bize bu babatda giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Köp zadyň elektron nusgasynyň bolşy ýaly, kitaphanalaryň hem elektron nusgalary peýda bolup başlady. Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy kitaphanalaryň hem öz okyjylaryna elektron kitaplara elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle kitaphanalar öz abonentlerine elektron kitaplaryny tölegsiz ýa-da elýeterli bahadan hödürleýär. Öýüňde ýa-da iş ýeriňde, tapawudy ýok, oturan ýeriňde özüňe gerekli kitabyň elektron nusgasyny alyp bolýar.

Elektron kitaphanalarda hem adaty kitaplaryň deregine elektron kitaplaryň haýsydyr bir elektron görnüşinde saklanýan gory bolýar. Häzirki wagtda kitaphanalar özleriniň elektron nusgalaryny taýýarlaýarlar. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasydyr. Bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda muňa dolulygyna mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Elektron kitaplaryň amatly taraplarynyň biri hem müňlerçe kitabyň elimizdäki kiçijek ekrana sygýandygydyr. Adaty kitapdan tapawutlylykda elektron kitaby şol bir wagtda birden köp adam okap bilýär. Şeýle hem elektron kitaplary gözläp tapmak hem örän aňsat.

Ogulnur ÖREMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com