Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň kakasy aradan çykdy

16-08-2023 / 5055

TDH-da habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdiler hem-de medet beriji sözlerini beýan etdiler.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Ýun Gi Çžun 92 ýaşynda aradan çykdy. Ol Ýonse uniwersitetiniň professory bolup, ömrüni 1973-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli amaly statistika öwretmäge bagyşlady.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com