
Bäş müň ýyl öň Oguz han döwlet guranda atly-abraýly adamlary çagyryp geňeş edipdir. Döwleti Halk maslahaty esasynda dolandyrypdyr, her bir uly ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip kabul edipdir.
Oguzlardan ýörelge alyp, owaldan-ahyra agzybirligi, jebisligi, il-güne, eziz Watana wepa-ygrary baýdak edinýän halkymyz türkmen topragynda bolup geçýän her bir wakany maslahat bermek, birek-birege hemaýat etmek bilen baýlaşdyryp gelipdirler. Uly obanyň toý-märekesiniň sähedini bellemek diňe aý-günleriň hereketi bilen bagly bolman, eýsem, ýaşuly nesilleriň, oba beýemçileriniň, kethudalarynyň, il-günüň göwün sygyp, ynanyp goýan adamsynyň başda durmagynda bir supranyň başyna jemlenmek arkaly belli bolupdyr. Gözbaşyny halkymyzyň şeýle tämiz, ygrarly akabasyndan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bu günki gün has rowaçlanýar, dowamata sapýar.
Umumylykda ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda, milletiň baý taryhy durmuşyna esaslanyp, täze taryhy döwürde Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däplerine, saýlanyp alnan parahatçylyk we döredijilik ýoluna ygrarlylygy özünde jemleýär.
Türkmen halky ýene sanlyja günden il-günümizi begendirjek, ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli Kararlar, çözgütler kabul etjek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde häsiýetlenýär. Onuň yzysüre bolsa agzybir türkmen halky bolup mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhuna besläp toýlarys. Şu gysga ýyllaryň içinde ata Watanymyz belent-belent derejelere, şanly sepgitlere, ösüşlere ýetdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüligini äşgär ýüze çykarýan esasy syýasy-jemgyýetçilik çäre hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Bu abraýly wekilçilikli maslahatyň dowamynda esasy zat – mähriban halkymyzyň ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny amala aşyrmak işleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Il içinde «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýen aýtgy ýörgünli. Halk Maslahatynda öňe sürülýän teklipler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýurdumyzyň ähli tarapdan gülläp ösmegine itergi berýär.
Kakajan ŞERAPOW,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň müdiri.