Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni

12-08-2023 / 5008

2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany Hazarýaka döwletleriň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran konwensiýasyna gol çekildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzini “Mümkinçilikler deňzi” diýip atlandyryp: “Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys” diýip belledi.

Häzirki günde deňizde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň birnäçe taslamalary bar, türkmen tarapynyň tagallalary netijesinde, köp babatda olary ylalaşmak boýunça öňegidişlik gazanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com