
Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler milli aýratynlyklaryna görä, islendik tutumly iş bilen bagly birek-birege geňeş salypdyrlar, maslahatlaşypdyrlar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu durmuşy ýörelgäniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda: «Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerimizden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda şu Konstitusion kanun kabul edildi» diýlip bellenendir. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasy, tagallalary bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze görnüşde, täze derejede döredilmegi taryhy waka boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, has-da kuwwatlandyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Öňe sürlen maksatlar hem-de wezipeler halkyň diňe bilelikdäki, birlikdäki — agzybirlikdäki hereketiniň netijesinde amal bolýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi, onuň düzümindäki her bir aýratyn hereketiň umumy netijeliligi ýokarlandyrmaga edýän täsirini artdyryjy güýç hökmünde çykyş edýär. Her bir adamyň, her bir ýurdy özgerdiji subýektiň döredijilikli hereketi barada döwlet derejesinde aladalanmak, olary goldamak we mynasyp baha bermek geljekki ösüşlerimiziň kepilidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna düşürip, adamlaryň döredijilik we gurujylyk ukyplarynyň artmagyna täze uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halky abadan we adalatly jemgyýeti gurup, öz röwşen geljegine ynamly barýar.
Şöhrat JODYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň bölüm müdiri.