
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllarynda bitirilen işler boýunça gazanylan netijelere esaslanylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürlen belent maksatlary amal etmegiň paýhas ýörelgeleri açylyp görkezilýär.
Hakykatdan-da, bu ajaýyp eseriň bölümlerinde ýurdumyzyň ösüşi bilen baglanyşykly örän derwaýys meseleler çuňňur we köptaraplaýyn derňelýär. Özi-de şol meseleler adam, adamyň manyly ýaşaýşy baradaky oýlanmalar esasynda beýan edilýär.
«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ähli bölümlerindäki adamyň manyly ömri baradaky oýlanmalar biri-biri bilen berk baglanyşykda bolup, umumy maksady — şu dünýäde manyly ýaşamagyň mazmunyny açyp görkezmegi we ony gazanmagyň ýollaryny salgy bermegi göz öňünde tutýar. Biziň özgerýän jemgyýetimiz üçin örän ähmiýetli bolan bu meseleler kitabyň «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» atly bölüminde giňişleýin seljerilýär.
Bitarap döwletimiziň türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine esaslanyp, dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriniň ähli döwletlerdir syýasy Liderler tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny nygtamak gerek. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda döwletimiziň bu ugurdaky işine gyzgyn goldaw beren we goldaw berýän, ýurdumyzyň şu günki ösüşine saldamly goşant goşan görnükli syýasatçylar, olar bilen geçirilen duşuşyklar barada örän tolgundyryjy ýatlamalar beýan edilýär. Kitabyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan we Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe baradaky örän mähirli ýatlamalar sapak alarlykdyr.
Alym Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri, şol sanda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitaby ýaşlarymyzyň gurujy, dörediji adamlar bolup ýetişmekleriniň paýhas esaslaryny özünde jemleýär. Milli Liderimiz şol esaslar barada: «Ömür, ömrüň manysy, terbiýe, ýaşaýyş-durmuşyň manysy, ähmiýet bermeli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň manysy hakdaky öwüt-ündewlerimiziň ýaşlaryň maňzyna barjakdygyna, aňyna ornajakdygyna ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär.
Güljan MÄMIÝEWA,
Saýat etrabynyň merkezi kitaphanasynyň müdiri.