
Islendik sport görnüşi ynsan saglygyna oñyn täsir edýär. Meselem, suwda ýüzmegiň aýratynlygy suw gurşawynda fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adamyň bedenine, bir tarapdan, fiziki maşklar, beýleki tarapdan, suw gurşawy täsir edýär.
Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň dem alyş ýollaryna, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň syrdam bolmagyna peýdasy bardyr. Adam suwda ýüzýän wagty onuň ähli myşsalary herekete gelýär. Suwda ýüzmek ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyryp, el-aýaklary güýçlendirmekde, sagdyn myşsalary kemala getirmekde ähmiýetlidir. Bu bolsa bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşikdir.
Mundan başga-da, suwda ýüzmek ýüregiň işini ýeňilleşdirýär, myşsalary we bogun işini gowulandyrýar. Adam suwda bolanda gan öýjüklerinde eritrositleriň, leýkositleriň, gemoglobiniň sany köpelýär. Suwda ýüzmek adamyň ähli organlarynda we ulgamlarynda diýen ýaly, fiziologik üýtgemeleri döredýär.
Suwda ýüzmek dem alyş ýollaryny açyp, ony kadalaşdyrýar. Şonuň üçin ýüzüjileriň dem alyş agzalarynda ýetmezçilik ýüze çykmaýar. Dem almak meselesi şeýle bir ýönekeý bolansoň, oňa diňe käbir adamlar üns berýärler. Ýöne bu usul sagdyn bolmakda we kesellerden saplanmakda möhümdir. Siz dem alanyňyzda, öz bedeniňize gurplanmaga şert döredýärsiňiz. Sebäbi, kislorod bedeniňiz boýunça ýokumly maddalary zerur ýerlerine eltmäge ýardam edýär. Çuňňur dem almak biziň saglygymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, eger biz sagdyn bolmagy isleýän bolsak, kadaly dem almagy öwrenmelidiris. Munuň üçin sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmak uly ähmiýete eýedir.
Baýramdurdy ARTYKOW,
Saýat etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.