Okuw-terbiýeçilik işinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň orny
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly maslahatyna
30-07-2023 / 5186
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, manyly ömrüniň nusgalyk bolşy ýaly, ýazan ajaýyp eserleri, nusgawy kitaplary hem ähli babatda gymmatly göreldedir. Hut bu hakykat milli bilim ulgamynda, terbiýeçilik işinde has-da ýiti duýulýar. Biz muňa mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynda hem anyk we aýdyň göz ýetirýäris.
Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň çuň many-mazmuna, çeperçilige, ylmy esaslanmalara, gymmatly maglumatlara, filosofik garaýyşlara, edebi pikirlere, pähim-parasata ýugrulan kitaplary biziň gündelik durmuşymyzda gymmatly gollanmalar hökmünde peýdalanylýar. Bu kitaplar bilim işgäri üçin iň ýokary ähmiýetli gollanmalar bolsa, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin many gory hiç haçan egsilmejek ylym-bilim we edep-terbiýe çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy kitaplarynyň täsiri bilen terbiýelenen çagalaryň bolsa geljegi has-da röwşendir.
Alym Arkadagymyzyň kitaplarynyň geçilýän sapaklarda peýdalanmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bolsa, bu kitaplaryň diňe bir ylmy, edebi, syýasy ugurlarda däl, eýsem, milli pedagogikanyň çäklerinde we usulyýetinde hem uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Mysallara salgylanyp bellesek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän daş töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagynda hormatly Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri hakyndaky ajaýyp eserleri we «Türkmen alabaýy» kitaby, «Türkmenistan melhemler mekany» kitaby, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaplary, aýdym-saz sapaklarynda bolsa «Ile döwlet geler bolsa…», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaplary, bedenterbiýe sapaklarynda «Sport saglyga, dostluga we gözellige tarap ýoldur», «Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar» atly kitaplary we beýleki eserleri dürli sapaklarda terbiýeçileriň gollanmalary hökmünde peýdalanylýar. Hormatly Arkadagymyzyň kitaplarynyň ýokary çap edilişi we içindäki fotosuratlary, bezegleri hem körpe nesilleriň ünsüni çekýär. Terbiýeçiniň, mugallymyň ussatlygyna baglylykda, bu kitaplaryň ählisi hem çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä duýgularyny ösdürmekde, sözleýişini kämilleşdirmekde, zehinlerini ýüze çykarmakda hem ýerlikli peýdalanylýar.
Okuw terbiýeçilik işleriniň içinden mähriban Arkadagymyzyň ähli kitaplary we olardaky parasatly jümleler eriş-argaç bolup geçýär. Ýagny «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk», «Türkmen medeniýeti», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Abadançylygyň röwşen gadamlary» ýaly kitaplary çagalaryň duýgy-düşünjelerini ösdürmekde, bilimleri tapgyrlaýyn özleşdirmekde, milli terbiýeçiligi has-da ýokarlandyrmakda oňyn ähmiýete eýedir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy wezipeleriniň hatarynda ýaş nesilleri mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Türkmenistana wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek kesgitlenendir. Şoňa görä-de biz bilim işgärleri geljegi, irki ösüşi mekdebe taýýarlygy we terbiýesi ynanylan çagalary hakyky watançylyk we millilik ruhunda terbiýelemäge borçludyrys. Şu jogapkärli we tutuş ýurdumyz, türkmen halkynyň geljegi bilen bagly möhüm ähmiýetli wezipeleri amala aşyrmakda hem Gahryman Arkadagymyzyň ugur-ýol görkezýän kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barha artýar.
Ýeri gelende bellesek, eziz Arkadagymyzyň kitaplarynyň guramaçylyk işlerinde, çagalar bagy bilen mekdebiň bilelikdäki işlerini guramakda, jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklarynda hem ýörelge edinmäge, ugur almaga esas, maglumat hem ýol görkeziji kän. Mähriban Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky «Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler. Ata-eneleriň öz çagalarynyň hünärleri saýlamaklaryna garaýyşlary bilen gyzyklanmalydyrlar. Soňra bu ugurdaky işler mekdeplerde dowam etdirilmelidir. Munuň şeýle bolmagy üçin biziň terbiýeçilerimizde we mugallymlarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Biz şol mümkinçilikleri ýene-de kämilleşdirýäris, giňeldýäris» diýen sözleri bolsa hut mekdep bilen bagly işlerimizde ajaýyp ugur görkezijidir.
Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň eserleriniň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek işini we bu ugurdaky degişli konsepsiýany üstünlikli amala aşyrmakdaky wezipeleri ýerine ýetirmäge oňyn täsir edýär. Munuň özi okuw-terbiýeçilik işiniň esasy ugry bolan daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we bu ugurda zähmet çekýän mugallymlaryň bilimleriniň, hünär taýýarlygynyň üstüni ýetirmekde ähmiýetlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatyndan dörän ajaýyp kitaplar okuw-terbiýeçilik işiniň nusgawy serişdeleri bolmak bilen, bu günki günde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň usuly otagynyň, topar otaglarynda terbiýeçileriň usuly burçlarynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy hökmünde orun aldy. Bu kitaplaryň many-mazmuny bolsa köňülleriň töründe ebedilik ýerleşdi.
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.