Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Geňeşli salamat bolar

26-07-2023 / 13

Her bir işde il-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa bu ýörelgäniň mynasyp dowamydyr.

Ata-babalarymyzyň nesillerimize miras goýan pähim-paýhaslylyk ýörelgelerini kämilleşdirmek, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň milliligine mahsus kadalara esaslanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr.

Ýakynda, 18-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem taryhy ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň 14-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek babatynda edilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli dolandyryş çözgütleri kabul edildi. Şonuň ýaly hem bu mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlary kabul edildi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Kabul edilen taryhy çözgütleriň dolandyryş ulgamynyň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyny buýsançly bellemek gerek.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýlip bellenilýär. Halka daýanyp, halk bilen bilelikde halkyň hatyrasyna amal edilýän işler döwlete, jemgyýete diňe haýyr getirýär. Şoňa görä-de, nesip bolsa,  Milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, her ýylda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem baş baýramymyzyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Halk bilen häkimiýet bitewi bolanda, döwletiň içerki asudalygynyň üpjün edilip, ösüşleriniň dowamata rowana boljagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Halk Maslahaty — halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy. Onuň öňümizdäki mejlisinde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanar, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. 

Züleýha JORAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrap hassahanasynyň şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com