Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Kosmosa bir kişilik biletiň bahasy yglan edildi

18-07-2023 / 5099

Millioner Riçard Bransonyň “Virgin Galactic” kompaniýasy ilkinji kosmos syýahatçylarynyň 10-njy awgustda Ýerden 85 km belentlige uçjakdygyny habar berdi. Bu barada Daily Mail habar berdi.

“Galactic 02” atly täze missiýada üç syýahatçy kosmosa uçar. Syýahatçylaryň ady mälim edilmedi. Ýöne olaryň her biri VSS Unity kosmos gämisinden orun almak üçin 250 000 dollar töledi (birnäçe ýyl mundan ozal ilkinji bellik edilen wagtyndaky nyrhy), häzirki bahalarda 450 000 dollar. “Virgin Galactic” ýolagçylaryň adynyň 10-njy awgustda göni ýaýlymda yglan ediljekdigini aýtdy.

Şu güne çenli 800 adam VSS Unity kosmos uçarynda Ýeri kosmosdan diýen ýaly görmek we birnäçe minut agyrlyk duýmak üçin oturgyç bron etdi. Tutuş uçuş, takmynan, 90 minut dowam etmeli. Täze kosmos syýahatçylarynyň sanynyň köpeljekdigi çak edilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com