Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanda täze ministrlikler döredildi

15-07-2023 / 5095

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň;

— Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda,

— Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow Türkmenistanyň oba hojalyk ministri;

—  Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow bolsa Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenildi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com