Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Hindistan Aýa raketa uçurdy

14-07-2023 / 5106

Şu gün, 14-nji iýulda Hindi kosmos gullugy «Chandrayaan-3» raketasyny Aýa uçurdy. Bu barada CNN habar berdi.

Habarlara görä, missiýa boýunça raketa Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne çykar. Aýyň ýüzüni seljermek boýunça tejribe geçirer. Raketanyň wezipesi 14 günlük düzülendir.

Premýer-ministr Narendra Modi Twitterde: «Bu ajaýyp wezipe milletimiziň umytlaryny we arzuwlaryny amala aşyrýar» diýdi.

Hindi kosmos gözleg guramasy tarapyndan işlenip düzülen «Chandrayaan-3» gonuş zolagyndan, hereketlendiriji moduldan we rowerden ybaratdyr. Maksady Aýyň ýüzüne howpsuz gonmak, maglumatlary ýygnamak we Aýyň düzümi barada has giňişleýin öwrenmek üçin birnäçe ylmy synag geçirmekdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com