
Ylym-bilim häzirkizaman dünýäsiniň ösüşini kesgitleýän esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz bize hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy nesihat etmek bilen, ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini nygtaýar.
Çagany kiçi ýaşdan kämil şahsyýet derejesine ýetirmekde mugallymlaryň çekýän zähmeti uludyr. Bilşimiz ýaly, her bir çaga berilýän umumy orta bilim ýurdumyzda hökmany ýagdaýa eýedir. Çaganyň ösen aňly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi eýýäm umumy orta bilim edaralaryndan alyp gaýdýar. Terbiýeçi çagany eýýäm çagalar bagyna gelen gününden başlap, birnäçe endiklere öwrenişdirýär. Bu işler çagalar baglarynda guramaçylyk döwründe alnyp barlyp, terbiýeçi çagalara ata-babalarymyzdan gaýdýan nakyllardyr atalar sözüni, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatda aýdýan pähimli jümlelerini, şonuň bilen birlikde, birnäçe ýatladyjy sowallary berip biler. Bu çaganyň aňynyň işjeňleşmegine getirýär.
Çagalar bagynyň terbiýesi: bu ýerde çagalar jemgyýete goşulmak arkaly daş-töweregi bilen aragatnaşygy, köpçülige garyşmagy, tanyş-bilişlik, täze dostlar, joralar tutunmagy, özbaşdak naharlanmagy, wagtly-wagtynda ýatmagy, dürli oýunlar bilen ýeňmek we ýeňilmek düşünjelerine eýe bolmagy öwrenýärler. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, köpçülik bilen sahnalara çykmagy, çaganyň dünýägaraýyşynyň giňemegine jemgyýete goşulmagyna mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda mundan başga-da milli oýunlar arkaly çagalary milli däp-dessurlara baý medeniýetimizi öwrenmäge şert döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatdaky beýik işleri bu ulgamyň hünärmenlerini we bütin halkymyzy buýsandyrýar. Şol döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan bilim ulgamynyň işgärleri hem giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlary terbiýelemekde irginsiz zähmet çekýärler.
Aýgözel ŞUKUROWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.