Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

13-07-2023 / 5083

Gadymy Nusaýyň, Änewiň, Abywerdiň, Sarahsyň, Şähryslamyň dünýä ýaň salan taryhyna şaýat bolan Ahal topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, umumydünýä ösüşine sazlaşykly goşulan nurana mekandyr. Ahalyň döwrebap merjenine öwrülen, geçmişde ulug döwletleri, azym-azym şäherleri guran türkmen halkynyň geljegini nazarlaýan uly şäheriň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gysga döwürde gurulmagy we dabaraly ýagdaýda açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan tagallalarynyň miwesidir.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary, islegleriň özgermegi täzeçil çemeleşmeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bu meselede dünýäniň barha ösýän tejribesi innowasion ýörelgeleriň kemala gelmegini, ykdysadyýetiň, şol sanda şähergurluşyk we dolandyryş ulgamynyň adam üçin peýdaly şertleri göz öňünde tutýan taslamalarynyň ýüze çykmagyny şertlendirdi. Olaryň hatarynda sanly ykdysadyýet, «ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi jemgyýetiň ösüşiniň iň täze tapgyrynyň beýanyna öwrüldi. 

Täze şäheriň «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgesine kybap gelmegi, ilkinji nobatda, şäheriň ýaşaýjylarynyň saglygy hakyndaky aladadan ugur alýar. Bu ýörelgä aýratyn ähmiýet berilmegi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň wezipeleri hem-de «ýaşyl» ykdysadyýetiň «akylly» şäheriň möhüm şertleriniň biri bolmagy bilen baglanyşykly. Täze şäherde munuň üçin ekologik çözgütleriň birnäçesi üpjün ediler. Şunda ykdysadyýet bilen ekologiýanyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, tebigata hem-de adam saglygyna zyýan ýetirip biljek şertleri döwrebap ekologik taslamalar bilen çalyşmak işleri ýokary derejede ýola goýlar. Hyzmatlar çygrynda, hususan-da, ulaglarda elektrik energiýasynyň giňden peýdalanylmagy bilen, zyýanly zyňyndylaryň çykarylmagynyň öňi alnyp, ýaşaýjylaryň sagdyn geljegini üpjün etmäge mümkinçilik gazanylar. Munuň oňyn netijesini ýakyn onýyllygyň dowamynda ýangyç guýujy beketlerini dolulygyna elektrik beketler bilen çalyşmagy meýilleşdirýän London, Pariž hem-de Kopengagen ýaly şäherleriň mysalynda hem görmek bolýar.

«Şu günki günüň talaby», «Akylly» şäher», «Ýaşyl» ösüş», «Ekologik kadalar», «Sanly ulgam», «Dünýäniň iň gowy tejribeleri»… Täze şäheriň aýratynlyklary barada aýtmakçy bolsak, bu jümleleri işjeň ulanýarys. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynda täze şäherde ulanyljak, ekologik talaplara doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary — elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat ulaglaryny, ýöriteleşdirilen gulluk ulaglaryny sowgat etdi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilendigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Merjen KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň öwreniji mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com