
ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramaga, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga we tebigy täsinlikleri dünýä ýaýmaga esaslanýan maksady Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleri bilen kybapdaşdyr. Hut şonuň üçin hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.
Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga-da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi goramakdan, ählitaraplaýyn öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň, web-saýtlaryň, nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň taryhy, onuň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri, hususan-da ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna giren taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary we ähmiýeti halk köpçüligine yzygiderli wagyz edilýär.
Altyn BABYŞOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.