Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Bütindünýä awiasiýa işgärleriniň güni

12-07-2023 / 5034

Her ýyl 12-nji iýulda Bütindünýä raýat awiasiýasynyň uçuşa gatnaşyjylar güni bellenilýär. Bu hünär ilkibaşlarda Germaniýada 1928-nji ýylda, uçara ýörite kömekçi adam alnyp başlananda dörändigi çak edilýär, kömekçileriň esasy wezipesi uçuş wagtynda hyzmat etmek we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolup durýar.

Ilki bilen bu kömekçileriň, ýagny stýuardessalaryň wezipelerini erkekler ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de bolsa, 1930-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda özüne çekiji gyzlary işe çekmek pikiri ýüze çykýar — bu ýolagçy howa gatnawy üçin goşmaça mahabat bolmalydy. 

ABŞ-nyň Aýowa ştatyndan Ellen Çurç (Ellen Сhurch) (1904-1965) awiasiýa taryhynda ilkinji zenan stýuardessadyr. Ol ilkinji sapar 1930-njy ýylyň 15-nji maýynda San-Fransisko — Şaýenn aralygyna uçýan uçarda stýuardessalyk edýär. Ellen şepagat uýasy hünärini gutarýar, şeýle hem hususy uçuş sapaklaryny alýar – bu bolsa onuň ilkinji stýuardessa bolmagyna uly ýardam berýär. Ellen şol wagtlar 25 ýaşa ýetmedik we agramy 52 kilograma ýetmeýän  şepagat uýasy bolýar.

Häzirki wagtda stýuardessalyga işgär saýlanylanda ilkibaşlarda agram uly rol oýnaýan bolsa-da, häzirki wagtda esasan üç ýörelge esasynda saýlanýar: bu daşky şekil, sypaty (ýüz keşbi, daşky özüne çekiji sypat);  içki şekil (zerur häsiýet aýratynlyklarynyň bolmagy);  hünär keşbi (hünär bilimleri we başarnyklary).

Häzirki wagtda döwrebap uçar kömekçisiniň esasy jogapkärçiligi, uçuş wagtynda ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdir.  Mundan başga-da, uçarbeletler we stýuardessalar ýolagçylary rahat duýmak üçin hemme zady edýärler.

Humaý ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com